Hyzmatlar



Demir ýollarynda ýük daşamak

Biz sizi ýokary hilli ygtybarly demir ýollarynda ýük daşamak çözgütleri bilen üpjün edýäris. Müşderilerimiziň ýüzlenmelerinden başlap, ýük daşamagynyň ähli tapgyrlarynda, bildirilen isleg boýunça, ýükleriniň  häzirki wagtdaky  ýerleşýän  ýerlerini, barmaly nokadyna barjak wagty barada (aýy, güni, sagady) anyk maglumat bilen üpjün etjek tejribeli toparymyz hemişe Siziň hyzmatyňyzdadyr. Eger-de size ýeke wagon ýa-da wagonlar toplumy gerek bolan halatlarynda, biziň tejribeli hünärmenlerimiz bilen gije-gündiziň dowamynda habarlaşyp bilersiňiz. Wagon ýüklenende we düşürilende gümrük işlerini resmileşdirmek we dellalçylyk işlerini ýerine ýetirýäris. Demir ýollarynda ýük daşamak hyzmatlaryny durgun sagatsyz we  artykmaç çykdaýjysyz ýerine ýetirýäris.

- Müşderlerimizi wagon bilen üpjün etmek

- Müşderlerimiziň ähli wagon işini resmileşdirmek

- Müşderlerimiziň wagonyny wagtynda ugratmak

- Müşderlerimiziň wagonyny wagtynda eltip bermek

- Müşderlerimiziň wagonyny ýüklemek we düşürip bermek

- Müşderlerimiziň wagony ýüklenende we düşürilende durgun sagatsyz we  artykmaç çykdaýjysyz hyzmat etmek

- Müşderlerimiziň wagonlarynyň nirede ýerleşýänini anyk aýtmak

- Wagonlarda import we eksport ýüklerini daşamak

- Wagonlarda konteýnerleri daşamak

- Sowayjy wagonlar we wagonlarda sowadyjy konteýnerleri daşamak

- Demir ýol menzillerinde düşürip ýüklemek we intermodal alyş-çalyş

- Logistika çözgütlerini kämilleşdirmek